Owganystanda artýan hüjümleriň arasynda bazardaky partlamada azyndan iki adam öldi

Geçen dynç günleriniň dowamynda “Yslam döwleti” jeňçi topary Kabulda sikhlaryň ybadathanasyna hüjüm edip, iki adamy öldürdi we başga-da ýedi adamy ýaralady.

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatyndaky bir bazarda amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan iki adam öldi, başga-da 28-si ýaralandy.

“Talybanyň” Nangarhardaky Maglumat we medeniýet edarasynyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, 20-nji iýundaky partlamada ýaralananlaryň arasynda “Talybanyň” bäş agzasy hem bar.

“Talyban” partlamanyň sebäbini we onuň mümkin nyşanasy barada hiç zat aýtmady. Emma ýerli media bazarda içi partladyjyly ulagyň ýarylandygyny, şeýle-de munuň bilen “Talybanyň” ýerli resmisiniň nyşana alnandygyny habar berdi.

Partlamanyň jogapkärçiligini hiç kim we hiç bir topar öz üstüne almady.

BMG-niň Owganystandaky missiýasy hüjümi dessine ýazgardy we partlamada ýaralanan asuda ilatyň arasynda çagalaryň hem bolandygyny belledi.

“Owganystanda parahat ilatyň dowamly nyşana alynmagy dessine bes edilmelidir” diýip, BMG-niň Owganystandaky missiýasy nygtady.

Soňky günlerde Owganystanyň dürli künjeklerinde hüjümler ýaýbaňlandyryldy.

Geçen dynç günleriniň dowamynda “Yslam döwleti” jeňçi topary Kabulda sikhlaryň ybadathanasyna hüjüm edip, iki adamy öldürdi we başga-da ýedi adamy ýaralady. Şeýle-de Kabulyň etraplarynyň birinde ulagyň partladylmagy netijesinde iki adam heläk boldy.