Owganystandaky ýer titremesinde azyndan 155 çaga öldi - BMG

BMG-niň ynsanperwerlik kömeklerini utgaşdyrýan guramasynyň (OCHA) 26-njy iýunda beren habaryna görä, geçen hepde Owganystanyň günorta-gündogarynda bolup geçen ýer titremesinde azyndan 155 çaga heläk boldy.

Utgaşdyryş guramasy ýurduň Pakistan bilen serhediniň golaýyndaky Paktika we Host welaýatlarynyň daglyk obalarynda bolan 6 magnitýudly ýer titremesinde 250 çaganyň ýaralanandygyny aýtdy. Bu ýer titremesi ýaşaýyş jaýlarynyň köpçülikleýin ýykylyp-ýumrulmagyna, ýer süýşmelerine sebäp boldy.

Çagalaryň köpüsi Paktikanyň Giyan etrabynda heläk boldy.

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylary ýer titremesinde ölenleriň sanynyň 1150-e ýetendigini, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

BMG, görkezijiniň ýokarlanyp biljekdigini duýdurmak bilen, 770 töweregi adamyň ölendigini öňe sürdi.

Mundan başga, betbagtçylyk sebäpli 65 çaganyň ýetim ýa hossarsyz galandygy habar berildi.