Özbek prezident protestlerden soň Konstitusiýada Garagalpagystanyň statusyna degişli üýtgetmelerden el çekdi

Özbegistanyň (sagda) we Garagalpakstanyň baýdaklary (arhiw suraty)

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew ýurduň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň bölünip aýrylmak hukugyny ýatyrmak baradaky planlaryny birden ýatyrdy. Bu barada prezident edarasy habar berdi.

Mirziýaýewiň edarasynyň 2-nji iýulda habar bermegine görä, prezident bu barada Garagalpagystana eden saparynda aýdypdyr.

Bu karar tassyklanylsa, Özbegistan hökümetiniň 27-nji iýunda teklip edilen we Garagalpagystanyň Özbegistandan garaşsyzlyk almak hukugynyň ýatlanmazlygyny öz içine alýan konstitusiýa üýtgetmelerden aç-açan el çekýändigini görkezýär.

Bu çäräniň demonstrantlary kanagatlandyrjakdygy belli däl. Mirziýaýewiň yglan etmeginden birnäçe sagat soň, prezidentiň metbugat sekretary Şerzod Asadow Özbegistanyň 2-nji awgusta çenli sebitde bir aýlyk adatdan daşary ýagdaý girizýändigini Telegramda ýazdy.

Geçen aý Mirziýew tarapyndan teklip edilen düzediş taslamasyna görä, Garagalpagystan awtonomiýasyny saklar, ýöne takmynan 2 million ilatynyň arasynda referendum esasynda bölünmek hukugyny berýän konstitusiýa maddasy aýrylar.

Teklip edilen beýleki konstitusiýa özgertmeleri Mirziýaýewa ýene iki möhlete prezidentlige saýlanmaga mümkinçilik berer.

Meýilleşdirilen üýtgeşmeler Garagalpakstanyň paýtagty Nukusda we beýleki sebit şäherlerinde köçe protestlerini döretdi.

Mirziýaýewiň Nukusa saparyndan ozal sebit häkimiýetleri meýilleşdirilen konstitusiýa üýtgetmeleri sebäpli sebitiň paýtagtynda dörän köpçülikleýin demonstrasiýalaryň dowamynda demonstrantlaryň “döwlet edaralaryny ele geçirmäge synanyşandygyny” aýtdy.