Britaniýa ýene iki britanly tussag edilenden soň, Russiýanyň Ukrainadaky tussaglary “ekspluatasiýasyny” ýazgardy

Aýden Aslin (çepde), Saaudun Brahim (ortada) we Şon Pinner. 9-njy iýunda Donetskdäki kazyýet zalynda 

Britaniýanyň Daşary işler edarasy Orsýeti rus güýçleriniň Ukrainada iki britan raýatyny tussag etmeginden soň uruş ýesirlerini we parahat ilaty syýasy maksatlar üçin ulanmakda ýazgardy.

"Biz uruş ýesirleriniň we parahat ilatyň syýasy maksatlar üçin ulanylmagyny ýazgarýarys we Russiýa bilen bu meseläni gozgadyk" - diýip, Daşary işler edarasy 2-nji iýulda habar berdi we "Biz olaryň işi boýunça ukrain hökümeti bilen kontaktda bolup, Ukrainanyň olary azat etmek üçin edýän tagallalarynda goldaýarys" diýdi.

Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýa tarapyndan goldanýan separatistler, kömek beriji 22 ýaşly Dylan Healyň we harby meýletinçi Endrýu Hilliň “hakyna tutma işlerde” aýyplanýandygyny aýtdy.

Kremlçi web saýt Healynyň we Hilliň Mariupolda ele salnan iki sany iňlis harby meýletinçisine bildirlen aýyplamalara ýüzbe-ýüz boljagyny habar berdi.

Iýun aýynyň başynda iki britan raýaty- Aýden Aslin we Şon Pinner, şeýle-de Marokkonyň raýaty Saaudun Brahim separatistler tarapyndan "hakyna tutma işler" sebäpli ölüm jezasyna höküm edildi.

Üçüsi hem rus güýçlerine garşy söweşýän wagtynda Russiýany goldaýan separatistler tarapyndan tussag edilende ukrain goşunynda gulluk edendiklerini aýtdylar.

Britaniýa, Birleşen Milletler Guramasy, Ukraina we Germaniýa ölüm jezasyny ýazgardylar.

Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy 30-njy iýunda meselä goşuldy we Moskwadan ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmezligini üpjün etmegi talap etdi.

Britan hökümeti olara ukrain ýaragly güýçleriniň kanuny agzalary hökmünde Ženewa konwensiýasyna laýyklykda ýesir hökmünde garalmalydygyny aýtdy.

Günbatarlylar Ukrainany Russiýanyň sebäpsiz çozuşyndan goranmak ýa-da rus harby hüjümi zerarly öýlerini terk etmäge mejbur bolan ukrainalylara ynsanperwer kömegini bermek üçin Ukraina gidýärler.