NASA-nyň kosmos teleskopynyň ilkinji reňkli suratlary äleme göz aýlamaga mümkinçilik berýär

NASA-nyň, ABŞ-nyň kosmos gullugynyň 10 milliard dollarlyk "Jeýms Webb" kosmos teleskopyyň düşüren reňkli suratlary 11-nji iýulda jemgyýetçilige görkezildi. Olar adamzada barlygyň başlangyjyna we soňuna has ýakyndan syn etmek mümkinçiligini berýär.

Teleskop älemiň has irki, 13 milliard ýyl mundan ozalky iň aýdyň şekillerininiň üstüni açdy diýip, NASA aýtdy.

Prezident Jo Baýdeniň gatnaşmagynda Ak tamda guralan dabarada resmi taýdan aýan edilen suratlaryň üsti 12-nji iýulda, teleskopda düşürilen galaktika suratlarynyň ýene dördüsi bilen ýetiriler.

Ýüzlerçe tegmili, çyzyklary, spirallary we ak, sary, mämişi we gyzyl reňkleri öz içine alýan başlangyç şekil “älemiň diňe bir kiçijik bölegi bolup durýar” diýip, NASA-nyň dolandyryjysy Bill Nelson aýtdy.

12-nji iýulda görkeziljek suratlar Gün sistemasyyň golaýyndaky ägirt uly gaz görnüşli planetanyň, ýyldyzlaryň dogulýan we ölýän tümlüginiň, şeýle-de bir-birine berk ýanaşyklykda ýerlşeýän hem-de biri-biriniň töwereginde tans edýän bäş sany galaktikanyň täzeden düşürilen şekillerini öz içine alýar.

Dünýädäki iň uly we iň güýçli kosmos teleskopy 2021-nji ýylyň dekabrynda, Günorta Amerikadaky fransuz Gwianasyndan uçuryldy.

Ol ýanwar aýynda Ýerden 1,6 million kilometr uzaklykdaky gözleg meýdanyna baryp ýetdi. Soňra hünärmenler aýnalary deňleşdirip başladylar, infragyzyl detektorlary işlemäge ýeterlik boljak derejede sowatdylar we ylym gurallaryny kalibrlediler.

Gurallaryň ählisi tennis kortynyň ululygyndaky günden goraýjy bilen goralýar we sowuk saklanýar.