ABŞ hökümeti Eýranyň Russiýany “ýüzlerçe” pilotsyz howa ulagy, şol sanda ýaragly pilotsyz uçarlar bilen üpjün etmegi meýilleşdirýändigine ynanýandygyny, bu uçarlaryň Ukrainadaky uruşda ulanmak üçin iberiljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Saliwan 11-nji iýulda žurnalistlere Waşingtonda Eýranyň rus güýçlerini iberiljek pilotsyz uçarlary ulanmaga taýýarlaýandygyny görkezýän maglumatlaryň bardygyny aýtdy.
Bu sözler rus goşunynyň uruşda 24-nji fewraldan bäri çeken agyr ýitgileri sebäpli ýüzbe-ýüz bolan ok-ýarag ýetmezçiligi barada çykan habarlaryň yz ýanyndan aýdyldy.
"Eýranyň hökümeti Russiýany birnäçe ýüz uçar [pilotsyz howa ulaglary], şol sanda ýaragly uçarlar bilen üpjün etmäge taýynlanýar" diýip, Salliwan žurnalistlere aýtdy.
Pilotsyz uçarlar Ukrainadaky uruşda iki tarap üçinem möhüm rol oýnady.
Kiýew güýçleri Türkiýede öndürilen “Baýraktar” söweş uçarlaryny ulanmakda üstünlik gazandy, Waşington we beýleki ýaranlar Ukrainany dürli ownuk pilotsyz uçarlar bilen üpjün etdi.