Türkmenistan Gürjüstan bilen arada göni howa gatnawyny açar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýulda Aşgabatda Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwilini kabul etdi.

Türkmenistan Gürjüstan bilen iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny açmak hem-de ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly şertnama baglaşdy diýip, “Türkmenportal” neşiri Agenda.ge saýtyna salgylanyp habar berýär.

Bu habar Türkiýädäki türkmen migrantlarynyň Stambul uçar menzilinde ýurda dolanmak üçin uzyn nobatlara durýan wagtynda berildi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýulda bir gün ozal Aşgabada sapara gelen premýer-ministr Irakli Garibaşwilini kabul etdi.

Premýer-ministr Gürjüstanyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýändigini wee däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini maksat edinýändigini belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Döwlet habar gullugy Türkmenistanyň we Gürjüstanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirlen gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine “deglip geçilendigini” aýdýar.

Şeýle-de, anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, gepleşikleriň jemleri boýunça "özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi".