ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene COVID-19 diagnozy goýuldy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň COVID-19 synagy oňyn netije görkezdi diýip, Ak tam habar berdi.

Baýden keseliň ýeňil alamatlary sebäpli özüni izolýasiýa edýär we wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirýär, işgärler bilen telefon arkaly aragatnaşyk saklaýar we meýilleşdirilen ýygnaklara wideo baglanyşygy arkaly gatnaşýar.

Prezidentiň ýygnaklara gaýtadan göni gatnaşyp başlamagy koronawirus boýunça synagy negatiw netije görkezeninden soň mümkin bolar.

Baýden 13-16-njy iýul aralygynda Ýakyn Gündogara syýahat etdi. Ol Ysraýyla, Palestina awtonomiýasyna we Saud Arabystanyna baryp, häkimiýet wekilleri bilen duşuşyklara we beýleki çärelere gatnaşdy.