BMG wekilleri Owganystanda ýer sarsgynyndan ejir çeken sebitlere sapar etdi

Geçen aý Owganystanyň Paktika we Host welaýatlarynda bolan ýer sasgynynda müňden gowrak adam öldi, ýene ýüzlerçe adam ýaralandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystan boýunça wekilleri geçen aý güýçli ýet titremesinde ýüzlerçe adamyň ölen sebitine “gumanitar ýardamyň tiz gowşurylmagyny” maslahatlaşmak üçin, ýurduň günorta-gündogar sebitlerine sapar etdi.

BMG-niň baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň orunbasarlary Markus Potzel we Ramiz Alakbarow Host welaýatynda 22-nji iýulda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sirajuddin Hakkani bilen hem-de ýerli ýolbaşçylar bilen duşuşdy diýip, owgan mediasy habar berdi.

BMG resmileri ýer sarsgynyndan ejir çeken maşgalalaryň hem gatnaşan ýygnagynda ejir çekenlere ýardamlaryň gowşurylmagyny tizleşdirmegi wada berdiler diýip, habarlarda aýdylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystan boýunça Ýardam missiýasy “BMG topary ejir çeken jemgyýetlere we maşgalalara azyk, suw, lukmançylyk kömegi we wagtlaýyn penahanalar ýaly örän zerur bolan serişdeleri eltip bermek üçin sebite bardy” diýip, Twitterde aýtdy.

22-nji iýulda 5,9 bal derejesinde bolan sarsgyn Paktika we Host welaýatlarynda obalara zarba urdy, öýleri ýykdy, toprak süýşmelerine ýol açdy. Ýer titremesinde azyndan 1150 adam öldi we ýene ýüzlerçe adam ýaralandy. Onlarça müň adam öýsüz galdy.