ABŞ Wengriýanyň premýer-ministriniň millet baradaky belliklerini tankytlady

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban

Birleşen Ştatlar Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň “garyşyk milletleriň” esaslandyrylmagyna garşy eden bellikleriniň “aklap bolmajak” çykyş bolandygyny aýdyp, muny ýazgardy.

ABŞ-nyň anti-Semitizme garşy wekili Deborah Lipstadt milletçi premýer-ministriň “nasistleriň milletler baradaky ideologiýasyny açyk şöhlelendirýän ritorikany ulanmagyndan” “düýpli alada galandygyny” aýtdy.

“Holokostyň gutarmagyndan bäri onlarça ýyl geçmeginden soň, “bir lideriň nasistleriň köpçülikleýin adam öldürmelerine ýagty salmagy, aklap bolmajak bir hereketdir” diýip, Lipstadt belledi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs Lipstadtyň bu baradaky beýanatyny 28-nji iýuldaky brifinginde okady.

Praýs Orbanyň bellikleriniň “Birleşen Ştatlar bilen Wengriýany birleşdirýän umumy gymmatlyklary şöhlelendirmeýändigini” hem sözüne goşdy.

Orban 23-nji iýulda Rumyniýanyň Transilwaniýa sebitinde eden çykyşynda “ýewropaly bolmadyklar” bilen garyşmaga garşy duýduryş berdi. Onuň bu çykyşy ýiti tankytlara duçar boldy.

Ol 28-nji iýulda öz belliklerini “medeni, siwilizasiýa nukdaýnazaryndan” edendigini aýdyp, özüni aklamaga synanyşdy. Ol käwagt “ýalňyş many berýän” çykyşlary edýändigini öňe sürdi.