Ukraina ogurlanan ukrain arpasyny we ununy daşaýan gäminiň Liwanyň portunda durandygyny aýtdy, şeýle-de özüniň bu ýurtdaky ilçisiniň ogurlyk harytlary satyn almazlyk barada duýduryş berendigini belledi.
Ukrainanyň ilçisi Ihor Ostaş 28-nji iýulda Liwanyň prezidenti Miçel Aoun bilen duşuşyp, gämi barada gepleşik geçirdi.
Ilçihananyň maglumatyna görä, Siriýanyň baýdagy astynda hereket edýän Laodikea ýük gämisi Tripoliniň portunda dur.
Ilçihana gäminiň üstünde, Ukrainanyň ammarlaryndan ogurlanandygy güman edilýän, 5 müň tonna unuň we 5 müň tonna arpanyň bardygyny aýtdy.
Ukraina Russiýany, fewralda çozmagyndan soň, öz territoriýasyndaky gallany we demiri talamakda aýyplaýar.
Beýrutdaky ilçihana ogurlanandygy güman edilýän arpanyň nädip ele geçirilendigi barada jikme-jik maglumat bermedi.
Laodikea gämisi ilki Siriýanyň Tartus portuna tarap hereket edýärdi, ýöne soň, nämälim sebäplere görä, öz ugruny Liwana tarap üýtgetdi. Gäminiň üstündäki ýüküň Tripoliniň portunda düşürilip-düşürilmejekdigini hem entek aýdyň däl.
Russiýa Ukrainanyň däne, galla hasylyny ogurlaýandygy baradaky aýyplamalary ret edýär.