BMG Oleniwka edilen hüjümi derňemek üçin topar döredýär

Oleniwka türmesisniň hemradan düşürilen suraty

BMG öz-özüni jar eden "DHR" sebitiniň çägindäki Oleniwka jeza koloniýasyna edilen hüjüm bilen baglanyşykly faktlary kesgitlemek missiýasyny gurnaýar diýip, BMG-niň Baş sekretary António Guterriş 3-nji awgustda aýtdy.

Koloniýa 29-njy iýulda raketa atyldy. Netijede, ukrainaly 193 ýesiriň 50-den gowragy, şol sanda Mariupolda “Azowstal” zawodynyň goragynda duran Azow polkunyň harby gullukçylary heläk boldy.

Derňew geçirmek haýyşy bilen hem Ukraina, hem Russiýa ýüz tutdy diýip, Guterriş aýtdy. Bu missiýanyň berjaý etjek tehniki wezipeleri taýýarlyk ýagdaýynda, ol Kiýew we Moskwa bilen bilelikde utgaşdyrylar diýip, habarda bellenýär.

Rus harby ýolbaşçylary we Donetskdäki orsýetçi separatistler bu koloniýa urlan zarbanyň ukrain goşunynyň Birleşen Ştatlardan alan HIMARS ulgamlary arkaly urlandygyny aýdýarlar.

Ukrain tarapy bolsa, tersine, Oleniwka türmesindäki harby ýesirleriň Russiýanyň we ony goldaýan “DHR” goşunlarynyň hüjüminiň pidasy bolandygyny öňe sürýär.