6-njy awgustda Hiroşimada 77 ýyl mundan ozal partlan ilkinji atom bombasynyň pidalarynyň hatyrasy tutuldy, resmiler, şol sanda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş ýadro ýaraglarynyň köpeldilmegine garşy duýduryş berdiler.
Guterriş her ýylda bellenýän Hatyra gününde eden çykyşynda ýapon şäheriniň başyna inen aýylganç betbagtçylyk barada gürrüň edip, Ukrainada, Ýakyn Gündogarda we Koreýa ýarym adasynda ýüze çykýan krizisleriň döredýän howp-hatarlary barada duýduryş berdi.
1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hiroşima ABŞ tarapyndan taşlanan bomba netijesinde, partlamadan soňky radiasiýa sebäpli ölenler bilen, 140,000 töweregi adam öldi. "Adamzat ok salnan ýarag bilen oýnaýar" diýip, Guterriş aýtdy.
"Bu şäherde ýaşaýan on müňlerçe adam göz açyp-ýumasy salymda öldürildi. Aýallar, çagalar we erkekler dowzah odunda ýakyldy" diýip, ol aýtdy.
Şu günki gün "arkasynda agyr ýadro yşaratlary bolan krizisler Ýakyn Gündogara, Koreýa ýarym adasynda, Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen, örän çalt ýaýraýar" diýip, ol şu hepde Nýu-Ýorkda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyna bagyşlanyp geçirilen konferensiýada beren duýduryşlaryny gaýtalady.
"Biz özümizden bu şäheriň asmanyna göterilen kömelek buludyndan näme öwrendik diýip soramaly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Aman galanlar we olaryň garyndaşlary Hiroşimanyň Parahatçylyk ýadygärlik seýilgähine gül gül goýmak we doga okamak üçin daş atmazyndan öň ýygnanyp başladylar.