Özbegistanda guralan pikir soraşyga gatnaşan ýaşlaryň 39% -i parahorlugy korrupsiýa diýip hasaplamaýar diýip, Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň müdiri Akmal Burhanow Senatyň 4-nji awgustda geçirilen umumy mejlisinde aýtdy.
Pikir soraşyga jemi 16189 adam gatnaşyp, düzülen soraglar boýunça öz pikirini aýtdy.
Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň başlygynyň tassyklamagyna görä, edilen işler we görlen çäreler netijesinde, Özbegistanyň korrupsiýa boýunça halkara görkezijilerindäki orny öňkülerinden gowulaşdy.
Şol bir wagtda, geçirilýän özgertmelere garamazdan, korrupsiýa meselesi henizem öňküleri ýaly ýiti bolmagynda galýar diýip, Akmal Burhanow aýtdy.
Ilat arasynda geçirilen soraga görä, jogap bermäge gatnaşanlaryň 36% -i korrupsiýa, para we açgözlük ähli ýerde bar diýip hasaplaýar, 37% -i bolsa korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýatlaryň diňe käbir pudaklarda bardygyny aýtdy.
Özbegistanyň Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň başlygy iýun aýynyň ortalarynda ýurduň bank ulgamynyň bilim ulgamyndan soň iň korrumpirlenen pudak bolup durýandygyny aýtdy.
676 sany sany bank işgäriniň iki ýylda eden jenaýatlary netijesinde 354,2 milliard sum möçberinde serişde ogurlandy diýip, ol aýtdy.