Terrorçylyga garşy göreşe derek, Merkezi aňtaw gullugynyň esasy ünsi Hytaýa gönükdiriler

ABŞ Hytaýyň barha artýan syýasy we ykdysady tutumlaryndan ynjalyksyz bolýar.

ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy öz işini terrorçylyga garşy göreşden Hytaýa gönükdirýär diýip, Merkezi aňtaw gullugynyň müdiriniň orunbasary Deýwid Kohen terrorçylyga garşy bölümiň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýapyk ýygnakda aýtdy. Bu barada "Associated Press" habar berýär.

ABŞ terrorçylary yzarlamagyny hem dowam etdirer, ýöne indi esasy mesele Pekine has gowy düşünmäge çalyşmak we oňa garşy durmak bilen bagly bolar diýip, Kohen aýtdy.

AP çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Merkezi aňtaw gullugynyň pullary we beýleki serişdeleri barha kän şu maksada gönükdiriler we bu ýagdaý beýleki ugurlarda, şol sanda terrorçylyga garşy göreşde harçlanýan serişdeleriň azalmagyna getirer.

Bu meselede anyk sanlary anyklamak mümkin däl, sebäbi aňtaw býujeti gizlin saklanylýar.

Merkezi aňtaw gullugynda "ýuwaş öwrüm" edildi diýip, AP ýüzlerçe işgäriň, şol sanda ozal terrorçylyk howpuna garşy işlänleriň Hytaý bilen baglanyşykly wezipelere geçirilýändigini belleýär.

Agentligiň içinde köp adam hytaý dilini öwrenýär we Merkezi aňtaw gullugy hytaý dilinde gürleýänleri has köp işe almaga çalyşýar.

ABŞ Hytaýyň barha artýan syýasy we ykdysady tutumlaryndan ynjalyksyz bolýar.

ABŞ-da Pekiniň amerikan saýlawlaryna täsir etmäge synanyşandygy, kiber içalyçylygy bilen meşgullanandygy we Hytaýyň Sinjiaň sebitinde ýaşaýan musulman azlyklarynyň wekillerini, millionlarça uýgury tussag edendigi aýdylýar.

Mundan başga, ABŞ-da Hytaýyň ýakyn ýyllarda öz-özüni dolandyrýan Taýwan adasyny zor bilen ele geçirmäge çalyşmak ähtimallygyndan alada edilýär. Hytaý Tawýany öz territoriýasy hasaplaýar.