ABŞ-nyň Çikago şäherinde Gyrgyzystanyň baş konsullygy işe başlady diýip, Daşary işler ministrliginiň maglumat bölümi habar berdi.
Gyrgyz halkynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olar üçin amatly şertleri döretmek, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle-de raýatlara konsullyk hyzmatlaryny bermek üçin, prezident Sadyr Žaparow Çikagoda Gyrgyzystanyň baş konsullygyny açmak baradaky karara gol çekdi.
Gyrgyz metbugaty 8-nji awgustda işe başlan baş konsullygyň ýerleşýän binasynyň salgyny, telefonlaryny, elektron poçtasyny habar barýar ( 100 N La Salle, Chicago, IL, 60602, Suite 1610. Telegony: 3129942416, gyssagly liniýa: 3129293442. Elektron poçta: kgconsulate.chicago@mfa.gov.kg.).
ABŞ-daky gyrgyz raýatlary Gyrgyzystanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenen konsullyk hyzmatlarynyň ählisi üçin baş konsullyga ýüz tutup bilerler diýip, habarda aýdylýar.