Krymda ruslaryň ok-däri ammary partlady; ýaşaýjylar ewakuasiýa edilýär

Partlama bolan ammardan asmana göterilen tüsse

Krymyň demirgazygyndaky ok-däri ammarynda partlama boldy, ýerli ýaşaýjylar ewakuasiýa edilýär diýip, Russiýanyň habar serişdeleri habar berdi.

Telegramda we beýleki sosial media çeşmelerinde ýerleşdirilen wideo we suratlar partlamanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Gara deňiz ýarym adasynyň Janskoý etrabynda, Ukrainanyň esasy bölegi bilen aradaky administratiw serhetden uzak bolmadyk ýerde, 16-njy awgustda, ir sagatlarda bolandygyny görkezdi.

TASS, “Interfaks” we “Nowosti” habar agentlikleriniň Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp ýazmaklaryna görä, partlama ok-därileriň wagtlaýyn saklanylýan ammarynda bolupdyr.

Sebitiň Russiýa tarapyndan bellenen häkimi Sergeý Aksýonow iki adamyň ýaralanandygyny we ýaşaýjylaryň ewakuasiýa edilýändigini aýtdy.

Krymyň ýerli habar guramasy “Krym Wind” 16-njy awgustda irden elektrik desgasyndaky transformatoryň hem ýarylandygyny ýa-da ot alandygyny habar berdi.

Bu iki hadysanyň arasynda ol ýa-da beýleki görnüşdäki baglanyşygyň bolup-bolmandygy entek belli däl.

Krym tatar jemgyýetiniň görnükli lideri Refat Çubarow hem özüniň Facebook habarynda partlamanyň ok-däri ammarynda bolandygyny aýtdy.

Bu partlamalar Russiýanyň Krymyň günbatar etrabynda ýerleşýän “Saki” howa bazasynda bolan we we bir topar söweş uçaryny weýran eden tapgyrlaýyn partlamalaryň bir hepde çemesi soňundan boldy.

Synçylaryň köpüsi bu partlamalaryň arkasynda ukrain güýçleriniň durandygyny öňe sürse-de, hakykatda olara nämäniň sebäp bolandygy barada hiç hili tassyknama ýok.