ABŞ açlyk howpy abanýan ýurtlar üçin ukrain bugdaýyny satyn alar

BMG-nyň Baş sekretary António Guterres metbugat ýygnagynda. Stambul, Türkiýe, 2022-nji ýylyň 20-nji awgusty

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýakyn birnäçe hepdede garyp ýurtlar üçin Ukrainadan 150000 tonna golaý galla satyn alar. Karar Ukrainanyň Gara deňiz portlaryndan galla eksportyny gaýtadan başlamak baradaky şertnamanyň çäginde amala aşyrylýar. Bu barada BMG-nyň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň (WFP) başlygy Deýwid Beasli “Associated Press” habar gullugyna aýtdy.

Garaşylýan üpjünçilik Birleşen Milletler Guramasynyň açlyga garşy gullugy tarapyndan amala aşyrylýar. Onuň mukdary, agentlik tarapyndan kontinentiň demirgazyk-gündogaryndaky Afrika şahyna Ukrainadan iberen gämisindäki bugdaýyň möçberinden alty esse köp diýip, "Amerikanyň sesi" belleýär.

Ýakynda Jibutini, Somalini, Sudany we Efiopiýany öz içine alýan sebitiň ýaşaýjylary guraklyk sebäpli açlyga duçar boldular. Somalide müňlerçe adam ýeterlik iýmitlenmezlikden öldi we BMG-nyň maglumatlaryna görä sebitde 22 million adam açlyk çekýär.

Ukrainadan köpden bäri garaşylýan gämi sebite 23000 tonna däne getirer diýip, Beasli munuň bilen bir aýyň dowamynda 1,5 million adamy iýmitlendirip boljakdygyny aýtdy. Gäminiň 26-njy ýa-da 27-nji awgustda Jibuti barmagyna, bugdaýyň soň Efiopiýanyň demirgazygyna iberilmegine garaşylýar, bu ýerde Tigraý, Afar we Amhara sebitlerinde millionlarça adam diňe guraklyk däl, eýsem etniki çaknyşyklar bilen hem ýüzbe-ýüz boldular.

BMG-nyň Baş sekretary António Guterres Russiýanyň Ukraina çozuşyndan soň dessine bes edilen ukrain gallasynyň eksportyny gaýtadan dikeltmek baradaky şertnama laýyklykda Kiýewiň ýurtdan eýýäm 650000 tonnadan gowrak gallany eksport edendigini şenbe güni aýtdy.

"Bu toplumlaýyn şertnamanyň ýene bir bölegi, sanksiýalara sezewar edilmeýän rus azyk we dökün önümleriniň dünýä bazarlaryna päsgelçiliksiz çykmagydyr" - diýip Guterres, Stanbulda galla eksporty baradaky şertnamalary ýerine ýetirmek üçin utgaşdyryş merkezine baranda aýtdy. Ony "Amerikanyň sesi" sitirleýär.

24-nji fewrala çenli dünýäniň bugdaý eksportynyň üçden bir bölegini Russiýa we Ukraina üpjün edipdi. Russiýa döküni hem eksport edýär.