Hökümetçi “SalamNews” neşiri “Göktürkmen döwletiniň taryhy ýadygärliginiň” üstüniň açylandygyny habar berýär.
Neşir bu habary Halkara Türk akademiýasy bilen Mongoliýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň Mongoliýanyň Otüken sebitinde 2019-njy ýyldan bäri bilelikde geçirýän gazuw-agtaryş işlerine salgylanyp çap etdi.
“Bu ýerde alnyp barlan gözleg işleriniň netijesinde Göktürkmen döwletiniň hökümdarlary Bilge Kaganyň we Ilteriş Kaganyň mekan tutan ýerleriniň galyndylary tapyldy” diýip, neşir Halkara Türk akademiýasynyň baştutany Darhan Kydyraliniň Ulan-Batorda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanýar we gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Göktürkmen hökümdarlarynyň ýaşan binasynyň bir böleginiň tapylandygyny öňe sürýär.
Şeýle-de habarda “Bu Göktürkmenleriň döwrüniň iň gadymy ýadygärligi bolup, ondan ilkinji gezek “türk” sözli ýazgy tapyldy» diýilýär.
Emma neşiriň salgylanýan habarynda, döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar gullugynyň çap eden maglumatynda “türkmen” ýa “göktürkmen” sözleri bir gezegem agzalman, gök türkler barada gürrüň edilýär.