BMG-niň Kömek başlygy: 6 million owgana açlyk howpy abanýar

SWEDEN -- UN special envoy to Yemen Martin Griffiths holds a press conference following the Yemen peace consultations taking place at Johannesberg Castle in Rimbo, north of Stockholm, December 13, 2018

BMG-niň gumanitar başlygy donorlary Owganystany maliýeleşdirmegi dikeltmäge çagyrdy we 6 million owgana açlyk howpunyň abanýandygyny, ýurduň 39 million ilatynyň ýarysyndan gowragynyň ynsanperwer kömegine mätäçdigini duýdurdy.

"Garyplyk çuňlaşýar, ilat bolsa henizem köpelmegini dowam etdirýär we de-fakto häkimiýetleriň öz gelejeklerine maýa goýmak üçin zerur bolan býujeti ýok. Bu ýerde käbir ösüş goldawyny dikeltmegiň zerurdygy biz üçin düşünikli” diýip, Martin Griffits 29-njy awgustda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine aýtdy.

"Talyban" 2021-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň ýurtdan çykmagy we öňki hökümetiň synmagy netijesinde häkimiýete gaýdyp geldi. Halkara jemgyýetçiligi olaryň aýallaryň hukuklaryny basgylaýan hökümetini ykrar etmedi.