HRW YD-H-nyň Owganystanyň azlyklaryna edýän hüjümlerinden alada bildirýär

Owganystan. Hazara gonamçylygy

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň ýerli bölüminiň Owganystandaky dini azlyklara edýän hüjümeleriniň gürelmeginden we dolandyryjy “Talyban” toparynyň bu jemgyýetleri gorap bilmezligindan alada bildirýär.

HRW “Yslam döwleti-Horasan” (YD-H) diýilýän topara ygrarly söweşijileriň öz pidalaryna, Hazara jemgyýetiniň agzalaryna, “Talyban” häkimiýetleriniň çynlakaý baş galdyrmazlygy netijesinde, “mekdebe, işe ýa-da namaz okamaga barýan wagtynda eden köp sanly wagşyçylykly hüjümine” salgylanýar.

YD-H şaýy azlygyndan bolan hazaralara garşy edilen we azyndan 700 adamyň ölümine getiren 13 hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy diýip, HRW 6-njy sentýabrda çap eden hasabatynda aýtdy.

Şeýle-de, "Talyban" howp astyndaky jemgyýetleri goramaga we hüjümleriň pidalaryna we olaryň maşgalalaryna kömek bermäge borçly bolup durýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Halkara jemgyýetçiligi “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümeti ykrar etmeýär we 2021-nji ýylyň ortalarynda BMG tarapyndan goldanýan hökümet we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlary ýurtdan çykýan wagtynda Owganystanyň köp bölegini eýelän topary, aýal-gyzlara we azlyklara garşy edýän zulumlary üçin, yzygiderli tankyt edýär.

HRW YD-H-y, “Talybany” we beýleki toparlary halkara ynsanperwerlik kanunlaryny berjaý etmäge çagyrýar.

Şeýle-de, hasabatda daşary ýurt hökümetleri Kabuldan azlyklaryň has gowy goralmagyny talap etmeli, adamlaryň "Owganystana zor bilen gaýtarylyp getirilmegini togtatmaly we gaçybatalga baradaky arzalara we halkara goragynyň beýleki görnüşlerine oňyn garalmaly” diýilýär.