HAEA hasabatyny çap etmäge taýýarlanýar, Zaporižýa desgasynyň soňky reaktory hem öçürildi

BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugy Russiýanyň basyp alan Zaporižýa desgasynyň howpsuzlyk ýagdaýy barada 6-njy sentýabrda Howpsuzlyk geňeşine hasabat bermäge taýýarlanýan wagtynda, sebitdäki topa tutmalaryň arasynda, Ukrainanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän ýadro elektrik stansiýasyndaky alty reaktoryň iň soňkusy hem öçürildi.

Zaporižýanyň operatory bolan "Enerhoatom" bir gün öň, sebitdäki artilleriýa atyşygy esasynda dörän ýangyn sebäpli, 6-njy reaktoryň hem "öçürilendigini" aýtdy.

Reaktoryň ýangyn söndürilenden soň gaýtadan birikdiriljekdigi aýdylýar. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu ýangynda rus goşunlaryny günäkärledi.

Ýöne taraplar alty aýlyk urşuň başynda rus güýçleriniň gözegçiligine geçen ýadro desgasyna abanýan howp üçin yzygiderli ýagdaýda bir-birini günäkärleýär.

"Şu gün, Russiýanyň ýene bir prowokatiw topa tutmasy sebäpli, ýadro desgasyny Ukrainanyň energiýa ulgamyna birikdirýän iň soňky elektrik geçiriji liniýa hem zeper ýetdi" diýip, Zelenski 5-nji sentýabr agşamy eden çykyşynda aýtdy.

"Rus prowokasiýasy sebäpli, Zaporižýa zawody radiasiýa betbagtçylygyndan bir ädim uzakda durýar" diýip, ol aýtdy.

Zelenski ýadro desgasynyň topa tutulan wagtyna ünsi çekip, onuň Russiýanyň niýetini aç-açan edendigini belledi.

Ruslaryň Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) hasabatynyň öňüsyrasynda Ýewropanyň Zaporižýada ýerleşýän iň uly ýadro desgasyny topa tutandygy barada aýdylýanlar Moskwanyň "halkara jemgyýetçiliginiň nähili karar edendigine asla ähmiýet bermeýändigini" aňladýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 5-nji sentýabrda Russiýany sowetler döwründe gurlan zawod bilen bagly "biperwaý hereketde" aýyplady we Çernobyl görnüşindäki ýadro betbagtçylygynyň döremeginden alada bildirdi.

Howpsuzlyk geňeşi we dünýä jemgyýetçiligi HAEA-nyň geçen hepde Zaporižýany gözden geçirmek üçin iberilen delegasiýanyň saparyndan soň yglan ediljek netijelere garaşýar. Baş direktor Rafael Grossiniň hasabaty çap edilmeli we ol 6-njy sentýabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine gysgaça maglumat bermeli.

Grossi we onuň toparynyň bir bölegi Zaporižýany 1-nji sentýabrda terk etdi, ýöne missiýanyň birnäçe agzasy, has düýpli derňew geçirmek üçin, desgada galdy.

“Enerhoatomyň” eden beýanatyna görä, halkara hünärmenlerinden iki gözegçiniň elektrik stansiýasynda "hemişelik esasda" galmagyna garaşylýar.

Russiýanyň sebäpsiz başlan urşunyň dowam etmegi bilen, ukrain güýçleri ýurduň günortasyndaky basybalyjy goşunlara garşy uly hüjüme başlady.

Rus güýçleriniň bar ünslerini günortadaky we gündogardaky hüjümlere gönükdirendikleri aýdylýar, Moskwanyň Herson sebitiniň basylyp alnan ýerlerinde bellän häkimiýetleri bu sebitleriň Russiýa goşulmagy barada meýilleşdiren referendumlaryny soňa goýdular.

Ukrain we günbatar resmileri 2014-nji ýylda, basybalyjy rus goşunlarynyň kömegi bilen anneksiýa edilen Krymyň Ukrainadan aýrylyp, Russiýa birikdirilmegi üçin sahnalaşdyrylan refrendumyň kanuny güýjüniň ýokdugyny aýdyp, ony ret etdiler.

Kiýew resmileri islendik görnüşdäki bikanun referenduma gatnaşan ukrainalylara jeza beriljekdigini aýdyp, haýbat atdy.

Zelenski hepde aýagynda Russiýanyň gyş aýlary ýakynlaşanda "aýgytly energiýa zarbasyny" urmaga taýýarlaýandygyny duýdursa, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz "Russiýanyň indi ygtybarly energiýa hyzmatdaşy däldigini" aýtdy.

Russiýanyň “Demirgazyk akym 1” geçirijisiniň näbelli möhlete ýapylýandygyny yglan etmegi bilen, 5-nji sentýabrda Ýewropada ulanylýan gazyň bahasy 30 göterim ýokary galdy.