Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy Russiýanyň Ukraina çozmagynyň 'şowsuzlyk' bolandygyny aýdýar

Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) başlygy William Börns

Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy William Börns dördünji gün, urşuň ýedinji aýynda, Russiýanyň Ukraina çozmagynyň şowsuzlyga meňzeýändigini aýtdy.

Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy ukrain goşunlarynyň Harkow sebitinde we Hersonyň golaýynda eden garşylykly hüjümlerinde gazanan üstünliklerine salgylanyp, Wladimir Putiniň iň uly ýalňyşlygynyň ukrainleriň edermenligine we harby mümkinçiligine kembaha garamagynda bolandygyny aýtdy.

Urşuň soňky baby entek ýazylmadyk hem bolsa, "kampaniýanyň barşyna Putin üçin şowsuzlykdan başga zat däl diýip baha bermezlik gaty kyn" diýip, William Börns hasap edýär.

Börnsiň sözlerine görä, problemalaryň biri Putiniň daşynyň alternatiw nukdaýnazary teklip etmäge taýyn däl geňeşçiler bilen gurşalmagyndan ybarat. Şeýle-de, rus lideri Ýewropanyň Ukrainany goldamak aýgytlylygynyň uzak gitmän gowşamagyna we, harby konfliktiň uzaga çekmegi bilen, amerikanlaryň ünsüniň başga meselelere gönükmegine garaşdy.

Börnsiň pikiriçe, häzirki wagtda Putin özüniň ukrainalylara, ýewropalylara we amerikalylara garanda has köp goraglylyk ätiýaçlygynyň bardygyna bil baglap, urşuň başynda goýberen ýalňyşyny gaýtalaýar.

Merkezi aňtaw gullugynyň müdiriniň pikiriçe, bu täze ýalňyşlyk has uzaga gitjek netijelere getirer, sebäbi ol "diňe bir rus goşunynyň gowşakdgyny görkezmän, eýsem Russiýanyň ykdysadyýetine we rus nesillerine uzak möhletleýin zeper ýetirmek kepilligini berýär".

Şu aralykda ABŞ-nyň Ukraina goşmaça 675 million dollarlyk ok-ýarag kömegini berendigi habar berildi.