ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hyzmatdaşlyk maksatnamasy täzelener

Taraplar ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň täzelenmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Montana ştatynyň general maýory, general adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň baş serkerdesi we Montana ştatynyň döwlet departamentiniň harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek duşuşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.

Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň täzelenmegini ara alyp maslahatlaşdylar, bu maksatnamanyň netijesinde Newada ştatynyň Milli gwardiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen öndürijilikli alyş-çalyşlar, okuwlar durmuşa geçirildi diýip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de, taraplar tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerine garşy göreşmek, kiber goragy we kiber howpsuzlyk we beýleki ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky harby edaralaryň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.