“Türkmenistan” awikompaniýasy Minsk bilen aradaky yzygiderli gatnawlary dikelder

Belarusyň paýtagtyndan uçan uçarlar Türkmenabat şäherine gonar.

“Türkmenistan” awikompaniýasy oktýabr aýynda Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda yzygiderli halkara uçar gatnawlaryny açar diýip, “Türkmenportal” Minsk milli howa menziliniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, uçuşlar 1-nji oktýabrdan yzygiderli tertipde amala aşyrylyp başlanar.

“Boeing 737-800” uçarlary şenbe güni Aşgabat - Minsk - Türkmenabat aralygynda uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatdan uçýan uçarlar Minska barar, Belarusyň paýtagtyndan uçan uçarlar Türkmenabat şäherine gonar diýip, hökümetçi neşir uçarlaryň yzyna dolnanda Aşgabatda gonmazlygynyň sebäbini anyklaşdyrman habar berýär.

Mundan öň Türkmenistanyň iýunda Dubaý we Kazan bilen aradaky, iýulda Moskwa, awgustda Germaniýanyň Frankfurt şäheri bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny gaýtadan ýola goýandygy habar berlipdi.

Türkmenistanyň türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýurdy Türkiýe bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny haçan dikeltjekdigi heniz belli däl.

Degişli maglumat Çeşme: Türkmenistan daşary ýurt uçar gatnawlaryny artdyrmagy, karantin düzgünini ýatyrmagy planlaşdyrýar