Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Türkmen we rus prezidenrleri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, “Türkmeportal” neşiri türkmen metbugatyna salgylanyp habar berýär.

“Siziň durmuşyňyzyň şeýle ýatdan çykmajak gününde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge Siziň uly üns bermegiňiziň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýakymlydyr” diýip, türkmen prezidenti ýazypdyr.

Şeýle-de ol iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletleri göz öňünde tutýan we geljekki mümkinçilikleri nazarlaýan häsiýete eýedigini belleýär.

“Biz hem halklarymyzyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys” Serdar Berdimuhamedow rus kärdeşine ýollan hatynda aýtdy.

Putin golaýda Serdar Berdimuhamedowy 41 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa telefon edipdi.

Şu aralykda gazak metbugaty türkmen lideriniň 15-nji oktýabrda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny habar berdi.