Eýranda geçirilýän demonstrasiýalara 1000-den gowrak işçi goşuldy

Proteste goşulan işçiler

Geýim-eşik düzgünlerini bozmakda aýyplanyp saklanan gyzyň tussaglykda ölmegi sebäpli möwjeýän gahar-gazabyň güýçlenmegi we nägilelik bildirýän protestçileriň köpelmegi bilen, başga pikirlileriň güýç bilen basylyp ýatyrylmagynyň we tussag edilmeginiň arasynda, Buşehr we Damawand nebit-himiýa zawodlarynyň 1000-den gowrak işçisi Eýranda geçirilýän demonstrasiýalara goşuldy.

Farda radiosynyň maglumatyna görä, nebitçi işçiler 10-njy oktýabrda giriş ýollaryny baglap, golaýda toplanan howpsuzlyk güýçleriniň gapdalynda "Diktatora ölüm!" diýen ýaly şygarlara gygyrdylar.

Soňky günlerde ýurduň birnäçe şäherinde işçileriň iş taşlaýandygy, hususan-da kürtleriň köpçülik bolup ýaşaýan sebitlerinde iş taşlaýyşlaryň köpelendigi habar berilýär.

22 ýaşly Mahsa Amininiň 16-njy sentýabrda, Tähranyň ahlak polisiýasy tarapyndan hijabyny ‘düzüw’ geýmezlikde aýyplanyp tussag edileninden üç gün soň aradan çykmagy bilen bagly habar ýaýrap-ýaýramanka, ozaly bilen ýurduň kürt sebitlerinde uly gahar-gazap bildirildi.

Eýranyň düýbi Osloda ýerleşýän Adam hukuklary topary howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azyndan 92 demonstrantyň öldürilendigini habar berýär, beýleki toparlar 160 ýa-da ondanam köp adamyň ölendigini, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny we müňlerçe adamyň tussag edilendigini öňe sürýär.