Putin Krym köprüsinde bolan partlamada Ukrainanyň ýörite gulluklaryny aýyplady

Köprüde dörän ýangyn

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 8-nji oktýabrda Krym (Kerç) köprüsinde bolan partlamany guramakda Ukrainanyň ýörite gulluklaryny aýyplady.

Rus teleýaýlymlary bazar güni agşam Putiniň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin bilen geçiren duşuşygynyň wideolaryny görkezdi. Ol partlamada diňe bir Ukrainanyň ýörite gulluklarynyň däl, eýsem Russiýanyň we daşary ýurtlaryň käbir raýatlarynyň hem eliniň bardygyny öňe sürdi.

Bastrykiniň sözlerine görä, partlama boýunça "Terrorçylyk" maddasyna laýyklykda jenaýat işi gozgaldy we, hamala, FSB, federal howpsuzlyk işgärleri eýýäm jogapkärleri kesgitledi.

Putin Krym köprüsinde bolan partlamany "möhüm infrastrukturany ýok etmäge gönükdirilen terrorçylykly hüjüm" diýip atlandyrdy.

"Awtorlar, ýerine ýetirijiler, müşderiler Ukrainanyň ýörite gulluklary" diýip, Putin aýtdy.

Putin 10-njy oktýabrda Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Ukrainany Russiýanyň çägine terrorçylykly hüjümleri taýýarlamakda we amala aşyrmakda aýyplady. Şeýle-de ol Ukrainanyň ýörite gulluklarynyň Gara deňziň düýbünden geçýän “Türk akymy” gaz geçirijisini partlatmaga synanyşandygyny, ýöne munuň şowsuz bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de Putin şu gün irden Ukraina urlan tapgyrlaýyn zarbalaryň “jogap çäresi” bolandygyny we, Russiýanyň çäginde geçirilmekçi bolunýan terror çäreleri bes edilmese, “beriljek jogabyň has gazaply” boljakdygyny duýdurdy.

Moskwa Krymy, Sewastopoly we Ukrainanyň ýene 4 sebitini, doly gözegçilik etmese-de, öz çägi hasaplaýar.

Birleşen Ştatlar Krym köprüsindäki partlama barada düşündiriş bermedi, diňe Ukrainadaky uruş üçin Russiýanyň jogapkärdigini belledi.

Amerikanyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri, Ukrainanyň ýolbaşçylygyndaky çeşmelere salgylanyp, partlamanyň ukrain ýörite gulluklarynyň geçiren operasiýasynyň netijesi bolmagynyň ähtimaldygy baradaky çaklamany öňe sürdi.