Protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar, Angliýa Eýranyň ahlak polisiýasyna sanksiýa girizýär

Sanandaj

Tussaglykda ýogalan gyz sebäpli başlanan protestleriň we polisiýa bilen bolýan çaknyşyklaryň dowam etmeginiň arasynda, Angliýa Eýranyň howpsuzlyk işgärlerine, şol sanda ýurduň ýakasy gaýyşly ahlak polisiýasyna garşy sanksiýa girizdi.

Geçen aý polisiýa tussaglygynda ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölümi Eýranda we halkara derejesinde nägilelik döretdi, demonstrantlar ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýiniň agdarylmagyna çagyrdylar.

Häkimiýetleriň Tähranda we beýleki ýerlerde internet aragatnaşygyny bölmeklerine garamazdan, sosial ulgamlarda onlaýn wideolary peýda boldy.

Sosial ulgamlarda 10-njy oktýabrda ýerleşdirilen wideoda Günbatar Eýranyň Sanandaj şäherinde demonstrantlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyk barada habar berildi. Wideodan görnüşine görä, şäheriň ähli ýerinden diýen ýaly güýçli atyşyk we partlama seslerini eşitmek mümkin.

Garaşsyz ýagdaýda tassyklanmadyk bir wideoýazgyda birnäçe ýaragly ofiseriň bir protestçini ýençmegi sosial mediada uly gahar-gazap döretdi.

Beýleki bir wideoda Sanandajyň polisiýa işgärleriniň köçede bir göwreli aýala hüjüm edip, protest bildirmek üçin awtoulagynyň signalyna basan sürüjini atyp öldürendigi görkezilýär.

Şu aralykda Eýranyň tanymal hukuk goraýjysy Narges Mohammadi 15 aý azatlykdan mahrum edildi. Ol “ulgama garşy wagyz ýaýratmakda” günäli tapylyp, ýurduň käbir ýerlerinde zibil ýygnamaly edildi.