Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) 12-nji oktýabrda Krym köprüsine zeper ýetiren partlama sebäpli bäş sany rus raýatynyň, Ukrainanyň we Ermenistanyň üç raýatynyň tussag edilendigini habar berdi.
FSB bu hüjümiň Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw müdirligi we onuň direktory Kyrylo Budanow tarapyndan gurnalandygyny öňe sürdi.
Ukraina bu partlama gatnaşandygyny resmi taýdan tassyklamady, ýöne ukrain resmileriniň käbiri köprä ýetirilen zyýana begendi.
18 kilometr uzynlykdaky Krym köprüsinde bolan partlama ýol köprüsiniň bir bölegini nyşana aldy we ýük awtoulaglarynyň we awtoulag gatnawynyň wagtlaýyn togtadylmagyna sebäp boldy.
Şeýle-de ol Russiýanyň günortasyndan Moskwa bilen birleşdirilen Krym ýarym adasyna barýan otla ýüklenen ýangyç tankerleriniň partlamagyna sebäp boldy.
2018-nji ýylyň maý aýynda tamamlanan we takmynan 4 milliard dollara düşen Krym köprüsi Russiýanyň Ukrainadaky harby kampaniýasy üçin möhüm ähmiýete eýe boldy we onuň üsti bilen günorta Ukrainada söweşýän rus goşunlaryna üpjünçilik ýükleri iberildi.