ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýanyň Ukrainanyň öz territoriýasynda hapa bomba ulanmaga taýynlanýandygy baradaky beýanatyny "aç-açan ýalan aýyplamalar" hökmünde häsiýetlendirdi we Waşingtonyň Kiýewiň basybalyjy rus güýçleriniň öňüni almak tagallalaryny goldaýandygyny tassyklady.
"Birleşen Ştatlar Russiýanyň Goranmak ministri Şoýgunyň Ukrainanyň öz territoriýasynda hapa bomba ulanmaga taýynlanýandygy baradaky aç-açan ýalan aýyplamalaryny ret edýär” diýip, Blinken ukrain kärdeşi Dmitro Kuleba bilen 23-nji oktýabrda eden telefon gürrüňinde aýtdy. Onuň sözlerine görä, dünýä Russiýanyň bu aýyplamany urşuň möwjemegi üçin bahana hökmünde ulanmak babatyndaky islendik synanyşygyny görmän bilmez.
Şoýgu 23-nji oktýabrda Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Angliýanyň Goranmak ministri Ben Wallace we Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastien Lekornu bilen telefonda gürleşip, Russiýanyň “Ukrainanyň hapa bomba ulanmak bilen edip biljek prowokasiýalaryndan alada galýandygyny” aýtdy, ýöne bu sözüne hiç bir subutnama getirmedi.