Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi açyldy

Arhiw suraty

24-nji oktýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Dabaraly açylyşa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gelenleriň sanynyň juda köp bolmagy aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçirilýän Medeniýet hepdeligine uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär diýip, TDH ýazýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Renata Wrubel dabarada gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, solistleriň, Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Ýewropanyň nusgawy saz sungatynyň “altyn gaznasyna” giren eserler ýaňlandy.

Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary bar.