Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Ukrainanyň çäginde 4 million çemesi adamyň elektrik üpjünçiliginiň çäklendirilendigini aýdýar. Ol Russiýanyň bombalamak kampaniýasy sebäpli elektrik infrastrukturalaryna zyýan ýetendigini, şol sebäpli Ukrainanyň energiýa kompaniýalarynyň şeýle çäklendirmäni güýje girizmäge mejbur bolandygyny belledi.
Zelenskiý 28-nji oktýabrda eden gijeki ýüzlenmesinde elektrik üpjünçiligi çäklendirilen sebitleriň arasynda Kiýew we Harkiw şäherleriniň hem-de olaryň töweregindäki sebitleriň bardygyny aýtdy.
Kiýewiň häkimiýetleri elektrik çäklendirmesiniň "görlüp-eşidilmedik" derejä çenli ýokarlandyrylmalydygyny hem aýtdy.
Kiýewiň häkimi Witaliý Klitsçko şäheriň energiýa üpjünçiligi ulgamynyň 28-nji oktýabrda awariýa ýagdaýynda işländigini aýtdy. Ol 20%-50% aralygyndaky elektrik gytçylygyny aradan aýyrmak üçin iki-üç hepde gerek boljakdygyny hem belledi.
Ukraina, Russiýa 10-njy oktýabrda infrastrukturalary nyşana almak hüjümleriniň ilkinji tapgyryna başlaly bäri, ýurduň elektrik stansiýalarynyň ortaça üçden bir böleginiň weýran bolandygyny aýdýar.