Baýden: Russiýanyň "galla şertnamasyndan" çykmak karary düýbünden heňe gelmeýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň galla şertnamasy diýilýäne gatnaşygyny togtatmak baradaky kararyna tankyt etdiler. Bu ylalaşyk Ukrainanyň Gara deňiz portlary arkaly galla we beýleki azyk önümlerini eksport etmek mümkinçiligini döredýärdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Moskwanyň Goranmak ministrligi we Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bir gün öň yglan edilen kararynyň “düýpden heňe gelmeýändigini” aýtdy.

Baýdeniň sözlerine görä, "däne şertnamasyndan" ýüz öwrülmegi dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sanynyň köpelmegine getirer. Şeýle-de, Baýden bu şertnama BMG tarapyndan araçylyk edilendigini ýatlatdy.

“Russiýanyň beýle hereket etmegine hiç hili sebäp ýok. Olar mydama nähilidir bir heňe gelmeýän zat etmek üçin bahana gözleýärler we Günbatary özlerini şeýle işe mejbur etmekde günäkärleýärler" diýip, Baýden aýtdy.

Rus häkimiýetleri "galla şertnamasyna" gatnaşyklaryny togtatmaklaryny 29-njy oktýabr güni irden Sewastopoldaky uruş gämilerine pilotsyz uçarlar arkaly hüjüm edilmegi bilen esaslandyrdylar.

Goranmak ministrliginiň düşündirişine görä, bu hüjümler “däne koridorynyň” howpsuzlygyny üpjün etmek bilen meşgullanýan gämilere edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu hüjümde Ukrainany günäkärledi. Ministrligiň tassyklamagyna görä, bu işde olara britan hünärmenleri kömek etdi.

Angliýa bu aýdylýanlary ret etdi, Ukrainanyň wekilleri bolsa, Russiýanyň diňe öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmezlik üçin bahana gözleýändigini aýtdy.