Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda iýul aýynda konstitusiýa üýtgetmelerine garşy ýörişlerde tussag edilen aktiwistleriň ýene 35 sanysy tussaglykdan boşadyldy.
Özbek Ombudsmeninň, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasy 1-nji noýabrda Garagalpagstanyň garaşsyzlyk almaga çalyşmak hukugyny kepillendirýän maddanyň aýrylmagyna ýol açjak düzedişleri sorag astyna alýan ýygnanyşyklara gatnaşan 107 adamyň, garagalpak kanun çykaryjylarynyň haýyşy boýunça, tussaglykdan boşadylandygyny aýtdy.
Halk ýygnanyşyklary güýç bilen dargadyldy we azyndan 18 adamyň ölümine sebäp boldy. Bu ýygnanyşyklar sebäpli şol wagt jemi 516 aktiwist tussag edilipdi.
Degişli maglumat
Garagalpagystanda köpçülikleýin närazylyklardan soň, sebitiň başlygy çalşyldy: oňa IIM-niň öňki başlygy bellendi