Gazak prezidenti ýanwar protestlerine gatnaşanlaryň günäsini geçýär

Almatyda bolan protestlere gatnaşanlar. 5-nji ýanwar, 2022

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýanwar aýynda hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalarda azyndan 238 adamyň ölümine sebäp bolan zorlukly wakalar bilen baglanyşykly aýyplanan we tussag edilen ýüzlerçe adamyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

2-nji noýabrda yglan edilen köpçülikleýin amnistiýa 4-7-nji ýanwarda geçirilen protestlere gatnaşandygy sebäpli tussag edilen we günä bildirilen 1500-den gowrak adama, şeýle-de protestçileri dargadan we tussag edilen howpsuzlyk işgärlerine täsir edýär.

Ownuk jenaýat edenlere bildirilen ähli aýyplama ýatyrylar, agyr jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum edilenleriň jeza möhletleri ýarpy ýa-da üçden iki esse azaldylar.

Bu karar terrorçylykda, ekstremizmde, dönüklikde, korrupsiýada ýa-da köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda günäli tapylan adamlara degişli däl.

Degişli maglumat

AI gazak häkimiýetleriniň bikanun tussaglary derhal boşatmagyna çagyrýar