Pakistanyň ozalky premýer-ministri Imran Han dördünji güni ýurduň gündogarynda ulag kerweni oka tutulanda aýagyndan ýaralandy diýip, ýerli habar serişdeleri habar berýär.
Han irki saýlawlary talap etmek üçin Yslamabada edilýän ýörişe ýolbaşçylyk edýärdi.
Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ok onuň aýagyna degdi, ýöne öňki premýer-ministriň janynyň howp astynda däldigi aýdylýar.
Hanyň kömekçisi we öňki maglumat ministri Fawad Çaudri düşündiriş baradaky haýyşlara bada-bat jogap bermedi.