Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow gyrgyz kärdeşi Jeenbek Kulubaýew bilen serhet çäklerini kesgitlemek boýunça birnäçe resminama, şol sanda iki ýurduň arasynda ynjyk mesele bolup durýan Kempir-Abad suw howdanyny bilelikde dolandyrmak baradaky şertnama gol çekdi.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi resminamalara 3-nji noýabrda, Bişkekde gol çekilendigini aýtdy.
Kempir-Abad suw howdany baradaky şertnama laýyklykda, Gyrgyzystan başga bir ýerden 19,000 gektardan gowrak ýer almagyň deregine, 4,485 gektar meýdany Özbegistana tabşyrar.
Bu ylalaşyk, suw howdanynyň töweregindäki şertnamanyň halk bilen aç-açan ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny öňe sürýän köp syýasatçy, aktiwistler we käbir kanun çykaryjylar tarapyndan sorag astyna alyndy.
Degişli maglumat
Gyrgyz protestçileri serhet şertnamasynyň tankytçylarynyň boşadylmagyny talap edýär