Türkmenistan Russiýadan doň balyk import edýär

Mary. Ýol boýunda guralýan balyk söwdasy. Arhiw suraty

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Orsýetiň Nowosibirsk sebitinden 19,6 tonna doňdurylan balyk import etdi.

“Türkmenportal” neşiriniň “Rosselhoznadzoryň” resmi web sahypasyna salgylanyp çap eden maglumatyna görä, Orsýetden balyk import etmekde Türkmenistan Täjigistandan (4094 tonna) we Özbegistandan (2525 tonna) yza galýar.

Balyk importy baradaky habar prezident Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyklardan öň, hususan-da gyş aýlarynda bazarlary azyk önümleri bilen üpjün etmek barada beren tabşyrygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edip, ilaty elýeterli bahadan satylýan balyk önümleri bilen üpjün etmek, balygy türkmen saçagynyň esasy tagamlarynyň birine öwürmek ugrunda tagalla etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenistanyň metbugaty ilaty ýurduň balykçylyk pudagynda geçirilen özgertmeleriň beren oňyn netijeleri, sebitlerdäki kiçiräk köllerde her ýyl 15-20 million töweregi körpe balyk ýetişdirýän telekeçiler, türkmen balyklarynyň daşary ýurtlara eksport edilýändigi baradaky “gowy habarlar” bilen begendirdi.

Döwlet eýeçiligindäki we hökümetçi neşirleriň maglumatlaryna görä, geçen ýylda 50 tonnadan gowrak gaplanan balyk önümleri daşary ýurtlara eksport edildi.

Emma Azatlygyň habarçylary ýurtda balyk üpjünçiliginiň we balyk bahalarynyň ilat köpçüligi üçin elýeterli bolmagynyň uly mesele bolup galýandygyny habar berýärler.

Degişli maglumat

Türkmenistanda balyk gadagançylygy onuň "gara bazaryny" emele getirdi. Bahalar "keýgiň şahyna çykdy"