Türkmen paýtagtynyň günortasynda sil suwlaryny sowýan desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
Türkmen häkimiýetleriniň paýtagty sil suwlaryndan goramak ugrunda edýän tagallalarynyň çäginde gurlan desgalar Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnama esasynda guruldy.
Köpetdagyň eteginde ýerleşýän desgalar toplumy prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.
Döwlet eýeçiligindäki metbugat şäheri sil suwlaryndan gorajak desganyň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşendigini aýtmaýar.
Türkmen metbugatynda tebigy hadysalar, hatda Aşgabada gelen sil suwlary barada hem habar berilmeýär.