Ukrainanyň Hersony yzyna almagy ‘taryhy’, ýöne Kiýew dowam edýän howpa ünsi çekýär

Herson ýaşaýjysy ukrain esgerini gujaklaýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski ukrain güýçleriniň günorta-gündogardaky Herson şäherini yzyna almagyny “taryhy gün” häsiýetlendirdi, ýöne resmiler, hatda gündogardaky rus dikme lideriniň russiýaly güýçleriň ‘ýene yza çekiljekdiklerine’ yşarat edýändigine garamazdan, öňde boljak kynçylyklar barada duýdurýarlar.

“Bu gün taryhy gün. Biz Hersony yzyna alýarys” diýip, Zelenski 12-nji noýabrda giçlik adatdaky wideo ýüzlenmesinde aýtdy we “biziň goragçylarymyz şäheriň eteginde, ýörite toparlar bireýýäm şäherde” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski gündogardaky Donetsk ukrain sebitinde bolan söweşleri “dowzah ýaly” häsiýetlendirdi.

Ukrain Baş ştaby öz güýçleriniň 12-nji noýabrda 650 töweregi rus esgerini güýçden düşürendigini aýtdy. Bu öňe sürmäni tassyklap bolmaýar, ýöne bu ozal rus goşunlary tarapyndan ele geçirilen territoriýalary yzyna alýan Kiýewiň dowamly ynamyna yşarat edýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy dartgynly uruşlaryň dowam edýän sebitlerde iki tarapyň hem söweş meýdany barada aýdýanlaryny tassyklap bilmeýär.