Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmet standartlary departamentiniň direktory Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň, HZG-nyň agzasy bolmak bilen, raýatlaryň ählisine mynasyp iş we sosial adalatlylyk şertlerini döretmek syýasatynda ygrarlydygy bellendi diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasynda 14-nji noýabrda çap edilen habarda aýdylýar.
Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we köptaraplaýyn şertnamalara, şol sanda Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara resminamalaryna goşulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda Türkmenistanyň Esasy konwensiýalaryň ählisine, ýol görkeziji 4 konwensiýanyň 2-sine we 1 tehniki konwensiýa goşulandygy bellenýär. Şeýle-de, bu ugurdaky işleriň dowam edýändigi aýdylýar.
Häzirki wagtda hökümet ýene bir ýol görkeziji konwensiýa - senagatda we söwdada zähmet barlagy baradaky 81-nji konwensiýa goşulmak meselesini öwrenýär.
Habarda HZG-niň ýokary derejeli hünärmenleriniň Türkmenistanyň sebitlerine gidip, ýerli häkimiýetler bilen hem duşuşjakdygy aýdylýar.
Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň derjesini, mejbury zähmetiň saklanyp galýandygyny, iş ýerlerinde ýol berilýän adalatsyzlyklar barada aýdylýanlary resmi taýdan ykrar etmeýär.
Degişli maglumat “Galkynyş” käniniň gazy kükürtden arassalamak boýunça desgasynyň işgär sany azalýar