Merkezi saýlaw topary ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi, häzirki prezident we prezidentlige kandidat Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanda irki prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. MST-nyň maglumatlaryna görä, ses bermäge gatnaşanlaryň 81,31 göterimi iş başyndaky prezidente ses berdi.
Toparyň maglumatyna görä, saýlawçylaryň täzeden anyklanan sanawlaryna görä, ses bermelileriň sanawyna girizilen saýlawçylaryň umumy sany 11 953,465 boldy. Saýlaw býulletenlerini 8,300 046 adam aldy, bu ses bermek hukugy bolanlaryň 69,44%- bolýar.
Karakat Abdene 206,206 adam ýa-da saýlawçylaryň 2,6%-i ses berdi; Nurlan Auesbaýewe 176,116 saýlawçy (2,1%); Žiguli Daýrabaewe 271 641 adam (3,42%); Meiram Kažykene 200,907 adam (2,53%) ses berdi diýip, Abdirow habar berdi.
Ol Kasym-Žomart Tokaýewe 6,456,392 saýlawçynyň (81,31%), Saltanat Tursynbekowa 168,731 adamyň (2,12%) ses berendigini, "Hemmelere garşy" 460,484 saýlawçynyň (5,8%) ses berendigini hem sözüne goşdy.
Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikasyndaky saýlawlaryň ahyrky netijeleri deslapky netijelerden kän tapawutlanmaýar.