Türkmen lideri Birleşen Arap Emirliklerine sapar edýär

Serdar Berdimuhamedow

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük resmi sapara bardy.

Türkmen metbugaty Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň paýtagtynyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar tarapyndan garşy alnandygyny habar beri.

“Şu gün Abu-Dabi şäherinde türkmen-emirlik gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açmaga gönükdirilen ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler” diýip, TDH anyklaşdyrman habar berdi.

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar.

Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra alşyljak ikitaraplaýyn resminamalar döwletara gatnaşyklarynda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň 60-dan gowragynyň üstüni ýetirer.

Günüň ikinji ýarymynda Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň beýleki resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Degişli maglumat Aşgabatda Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli güni bellener