Russiýa şu hepde ýurduň infrastruktura desgalaryna garşy weýrançylykly raketa zarbalaryny uranyndan soň, Ukrainanyň abatlaýyş toparlary 25-nji noýabrda garaňkylyga gaplanan millionlarça öýe elektrik toguny gaýtaryp getirmäge dyrjaşdy.
Prezident Wolodymyr Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde 6 milliondan gowrak maşgalanyň garaňkylykda galýandygyny, Kiýewiň köp sebitiniň şindi hem toksuzdygyny aýtdy.
Emma ol iş toparlarynyň, dokuz aýlyk uruşdaky rus bombalamalarynyň iň weýrançylykly netijeleriniň biriniň, 23-nji noýabrda urlan zarbalardan bäri zyýan çeken ýerleriň sanyny "ýarpy" kemeltmegi başarandygyny hem sözüne goşdy.
Milli elektrik kompaniýasy "Ukrenerho“ ýurduň elektrik üpjünçiliginiň 30%-e golaýynyň henizem dikeldilip bilinmeýändigini aýtdy.
Premýer-ministr Denis Şmyhal energiýa işgärlerine minnetdarlyk bildirdi we "Dünýäde hiç bir ýurt ýedi tolkun raketa hüjüminden soň energiýa ulgamyny şunuň ýaly derejede işe girizmek tejribesine eýe däl" diýdi.
Ukrain goşunynyň baş ştaby Harkow, Luhansk, Donetsk we Zaporižýa sebitlerinde gazaply söweşleriň bolandygyny aýtdy.
Rus güýçleri Kriwi we Kerson sebitlerini yzygiderli topa tutýar diýip, goşun aýtdy.