Stoltenberg: NATO Ukrainany dron tutujylar bilen üpjün etdi

Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 25-nji noýabrda Brýusselde çykyş edip, Russiýanyň pilotsyz uçar hüjümlerinden goranmak üçin, ýaranlyk Ukrainany "dron tutujylar bilen üpjün etdi” diýdi.

"Ýaranlar görlüp-eşidilmedik derejede harby goldaw berýär" diýip, Stoltenberg Ukraina berlen ýangyç, saglyk enjamlary, ýel gurallary we dron tutujylar barada durup geçdi.

Dron tutujylar Ukraina ýurdy nyşana alýan pilotsyz uçarlaryň hüjümlerinden goranmak üçin niýetlenen diýip, ol aýtdy.

Pilotsyz uçarlardan goranmak üçin berlen kömek bu ýurda Russiýanyň agressiýasyndan goramak üçin NATO tarapyndan berlen has giň howa goragy ulgamlarynyň bir bölegi bolup durýar diýip, NATO-nyň başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.