Eýranda režimi tankytlan Hemeneýiniň ýegeni tussag edildi

Farideh Moradkhani

Eýranda resmiler ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Hameneýiniň ýegenini, onuň mundan öň daýysynyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň häkimiýetlerini “ganhor, çaga öldürýän režim” diýip häsiýetlendireninden soň, tussag etdiler.

Farideh Moradkhani maşgalanyň ýurduň ruhany režimine garşy çykyş edýän urugyndan gelip çykýar. Ol mundan ozal-da tussag astyna alnypdy.

Onuň dogany Mahmoud Moradkhani uýasynyň 23-nji noýabrda, prokuratura soraga baranda tussag edilendigi barada özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

27-nji noýabrda ol Faridehiň eýranlylaryň “açyk we anyk basyşlara” sezewar bolýandygy baradaky wideosyny hem çap etdi.