Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gazagystan we Özbegistan bilen birlikde “gaz bileleşigini” esaslandyrmagy teklip etdi.
Munuň bilen bu üç ýurduň, şeýle-de beýleki döwletler, şol sanda Hytaýyň arasyndaky tebigy gazyň transportyny kadalaşdyrmagyň maksat edinilýändigi aýdylýar.
Mundan bir gün soň, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu mesele boýunça Moskwada Putin bilen gepleşik geçirendigini aýtdy.
29-njy noýabrda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu meseläniň üç ýurduň arasynda maslahat edilýändigini tassyklady.