Ukrain harby-deňiz güýçleri Russiýany Ukrainanyň gündogarynda gadagan edilen himiki ýaragy ulanmakda aýyplady.
Deňiz güýçleriniň 4-nji dekabrda Facebook hasabynda ýerleşdiren maglumatynda Russiýanyň dronlar arkaly hlorpikrin granatlary zyňandygy, şeýle-de ukrain gullukçylarynyň gadagan edilen serişdeden “özlerini goramak üçin” degişli himiki serişdeleri ulanandyklary bellenilýär.
Maglumata görä, 1-nji Jahan urşy döwründe zäherleýji gaz hökmünde ulanylan bu himiki serişde K-51 kysymly aerozol granatlary arkaly sepilipdir.
Bu maglumatlary tassykladyp bolmady. Moskwadan hem bu aýyplamalar boýunça entek reaksiýa bolmady.