Kadyrowyň tankytçysynyň Şwesiýada öldürilendigi aýdylýar

Tumso Abdurahmanow

Çeçenistanyň diýdimzor dolandyryjysy Ramzan Kadyrowyň belli tankytçysynyň Şwesiýada öldürilendigi aýdylýar.

Çeçen bloggeri Tumso Abdurahmanowyň egindeşleriniň Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna aýtmagyna görä, ol 1-nji dekabrdan 2-sine geçilýän gije atylyp öldürilipdir.

Şwed resmileri bu hadysa boýunça entek beýanat çap etmediler.

Çeçen oppozision Telegram kanaly “1ADAT” hem Abdurahmanowyň öldürilendigini tassyklady. Onuň 5-nji dekabrdaky habarynda Tumsonyň dogany, Mukhammad Abdurahmanowyň häzir şwed howpsuzlyk güýçleri tarapyndan goralýandygy hem bellenilýär.

36 ýaşly Abdurahmanowyň öldürilendigi baradaky habarlar ilki 1-nji dekabrda peýda bolup başlady. Emma olary şol wagt tassykladyp bolmady.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Kawkaz.Reali gullugy we çeçen oppozisiýa toparlary Abdurahmanow we onuň dogany bilen habarlaşyp bilmeýändiklerini belläpdiler. 2-nji dekabrda şwed resmileri Azatlyk Radiosyna Abdurahmanowyň nirededigi barada özlerinde maglumatyň ýokdugyny aýtdylar.